Oder derýasynda balyklar gyrylýar

Germaniýanyň, Polşanyň we Çehiýanyň çäginden akyp geçýän Oder derýasyndan meýletinçiler tarapyndan öli balyklaryň tonnasy toplandy. Häkimiýetler görülmedik ekologik heläkçilik barada aýdýarlar, onuň netijeleri geljek birnäçe ýylyň dowamynda jahankeşdelikde we balykçylyk pudagynda özüni bildirer.

Häzir derýa golaý barmak, suwa düşmek ýa-da balyk tutmak maslahat berilmeýär. Balykçylar howsala düşýärler, geň galýarlar.

Balykçy Helmut Zan şeýle diýýär: «Men bu ýerde eýýäm 40 ýyl bäri balyk tutup gelýärin, emma henize çenli beýle ýagdaýa duşmandym. Oderde beýle kän öli balyk göremde, endamym dyglap gidýär».

Oderiň hapalanmagyna sebäp bolan jisimi polýak, nemes taraplary anyklap bilenoklar. Derýanyň suwunyň laboratoriýa barlaglary onda duzuň kadadan artykdygyny görkezdi, suw simap bilen zäherlenmändir diýip, Polşanyň daşky gurşaw ministri habar berdi.

Şu hepdäniň dowamynda hünärmenler balyklaryň zäherlenme barlagynyň gutarnykly netijelerini aljakdyklaryny aýdýarlar.

Polşanyň häkimiýetleri derýanyň suwunyň zäherlenmegine günäkärleri tapmaga kömek etjekler üçin 1 million zlotyh (210 müň ýewro) möçberde pul baýragyny belledi. Bu barada «euronews.com» habar berýär.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar