Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi

2024-NJI ÝYL «PÄHIM -PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» 

Biz barada

Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi hakynda

Müdirlik ilkinji gezek Türkmenistanyň Bellige alyş edarasy tarapyndan 1998-nji ýylyň 13-nji iýulynda №16101829 sanaw belgili Şahadatnama esasynda Türkmenistanyň Döwlet balyk goraýyş uprawleniýesi ady bilen bellige alynyp resmi taýdan döredildi. Häzirki wagtda müdirligiň Esaslandyryjysy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji fewralynda 24587783 sanaw belgili şahadatnama bilen bellige alnan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi bolup durýar. Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi suwuň bioserişdelerine goragyny, şeýle hem balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk goraýyş we balyk tutmagyň düzgünleriniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýar. Şeýle-de müdirlik balyk we suw haýwanlarynyň gorlaryny köpeltmek, olary emeli usulda köpeltmek we uýgunlaşdyrmak, balyk hojalyk meliorasiýasy we suw howdanlaryna balyk goýbermek boýunça işleri guramagy we geçirmegi amala aşyrýar.

Giňişleýin

Wezipelerimiz

Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi suwuň bioserişdelerine goragyny, şeýle hem balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk goraýyş we balyk tutmagyň düzgünleriniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýar.

8984

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözmekden ybarat bolup durýar.

3062

suwuň bioserişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça ilat arasynda bilimleri ündemegi amala aşyrmak.

7365

suwuň bioserişdelerini goramak babatda jemgyýetçilik guramalarynyň işini utgaşdyrmak.

Beyleki Wezipeler

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar