Özüniň gaýtalanmajak gözelligi, ägirt uly möçberli tebigy baýlyklary, täsinlikleri bilen tapawutlanýan gojaman Köýtendag Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň diňe bir gözel künjekleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem özboluşly balyklarynyň faunasy bilen hem dünýä bellidir. Köýtendagyň haýwanat dünýäsiniň ajaýyp wekilleriniň biri-de, dünýäde ýeke-täk bolan Köýteniň kör balyklarydyr. Başga ýerde duş gelmeýändigi we gözsüzdigi üçin bu jandarlar bu ýere gelýän myhmanlaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Bu balyklar ilkinji gezek Köýtendagyň Garlyk şäherçesiniň gündogarynda, gowakdaky köl suwundan 1979-njy ýylda speleologlar (gowaklary öwrenijiler) tarapyndan tapylyp, 1982-nji ýylda alymlar tarapyndan täze görnüş hökmünde hasaba alynýar. Karst gowgyndaky aşak oýluga seresaplylyk bilen düşseň, bu ajaýyp balyklaryň sürüsini görmek bolýar. Ömürleriniň köp bölegini gowaklardaky kölüň iň çuň we garaňky ýerlerinde geçirýändikleri sebäpli bu balyklara göreç asla gerek däl. Şonuň üçin hem ony kör balyk ýa-da gözsüz balyk diýip atlandyrýarlar. Köýteniň kör balyklary Merkezi Aziýada gowak suwunda ýaşaýan ýeke-täk görnüşdir. Gowaklardaky ýerasty kölüň suwy dury, şor, meýdany 30 inedördül metre deň bolup, çuňlugy 5-7 metr, suwuň temperaturasy bolsa, 22-24 derejede ýylylykda saklanýar. Bu köl Köýteniň kör balyklarynyň ýaşaýan ýeke-täk ýeridir. Kör balyklar özleriniň biotoparlarynyň ýerasty böleginden açyk meýdanlara örän seýrek çykýarlar. Olar gyş we bahar paslynda gowagyň has düýbinde ýaşaýar. Şol sebäpli olary şol döwürde görmek başartmaýar. Köýteniň kör balyklarynyň ylym üçin ähmiýetiniň ulydygyny we sagdynlygyny nazarda tutup, ilkinji gezek 1985-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Köýteniň kör balyklary bir ýerden, ýagny Köýtendagyň Garlyk obasynyň gündogarynda, gowak düýbündäki suwdan tapylandygy we başga hiç ýerde duş gelmeýändigi sebäpli ol Türkmenistanyň 1999-njy ýyldaky Gyzyl kitabynyň 2-nji neşiriniň 3-nji kategoriýasyna, ýagny seýrek duş gelýän statusy bilen täzeden girizildi.