Mawy deňziň giňişliklerinde

Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Hazar deňziniň suw giňişligi janly tebigatyň ençeme wekillerini öz goýnunda saklaýar. Onuň jümmüşinde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp dürli görnüşleri mesgen tutýar. Deňziň tolkunsyz, dury suwly günleri gaýykdyr gämili geçen wagtyňda suw ösümlikleri  suwuň düýbünde çalaja yraň atyp oturan tokaýy ýada salýar. Suw ösümlikleri, bir tarapdan, jandarlaryň köp görnüşlerine goranmak üçin gaçybatalga bolsalar, beýleki tarapdan, guşlaryň, balyklaryň we leňňeçşekillileriň käbir görnüşleri üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýärler.

Mälim bolşy  ýaly, Hazaryň esasy baýlyklarynyň  biri-de balyklardyr. Aňzakly gyş aýlarynda balyklaryň köp görnüşleri deňiz suwunyň ýyly gatlagy  bolan çuňňur ýerleri saýlap alyp, süri-süri bolup gyş ukusyna  gidýärler hem-de şol döwürde iýmitlenmeklerini bes edýärler. Bahar pasly gelip, suwuň ýylap başlamagy bilen, balyklar hem gyş ukusyndan oýanýarlar. Bahar aýlarynda balyklaryň işbil taşlama, nesil öndürme möwsümi hem başlanýar. Şor suwda köpelýän garabalyklar, takgazlar, kefallar we beýlekiler deňziň amatly ýerlerini saýlap alýarlar. Balyklaryň köp görnüşleri: tirana, bekre, doky, söp, ak  azatmahy. Hazar azatmahysy, kepir, akçapak ýalylar bolsa işbil taşlamak üçin ýüzlerini deňze dürli ýerlerden gelip goşulýan derýalara tarap öwürýärler.

Hazaryň suw giňişligini, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini, tebigy baýlyklaryny goramak we köpeltmek, gözüňi dokundyrýan gözelliklerini indiki döwürlere, nesillere ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr.

                                                                        Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky

                                                                    ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden  goramak agentliginiň döwlet balyk

                                                                goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Balkan                                                                  welaýaty boýunça bölüminiň döwlet inspektory-ihtiology Toýmämmet Sarjaýew. 

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar