Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) wekili bilen duşuşyk geçirildi. Bu çärä Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary we Kent döwlet uniwersitetiň Ýewraziýa Strategiýasy boýunça ýolbaşçysy Aýýa Hudaýbergenowa gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda myhmana ýokary okuw mekdebiniň taryhy, gurluşy, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Kent döwlet uniwersitetiniň wekili öz gezeginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde mähirli garşylanandygy üçin iň gowy arzuwlaryny we minnetdarlygyny bildirdi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy. Kent döwlet uniwersitetiniň wekili, degişli ugurlar boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi we bu ugurda zerur çäreleriň görüljekdigini belläp geçdi.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Kent döwlet uniwersiteti we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama bilelikdäki ylmy-barlag işlerini, bilim maksatnamalaryny, talyp alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny göz öňünde tutulýar. Gol çekişilen resminamanyň çäginde iki ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda ilkinji bolup, Işewürligi dolandyryş ulgamynda magistr programmasynyň ugry boýunça iki derejeli maksatnamasynyň taslamasynyň işjeň taýýarlanylýandygyny bellemelidiris.
Geçirilen bu duşuşyk, halkara bilim platformasynda oňyn hyzmatdaşlygyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallaryň birisi boldy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti