Tebigata söýgi döredip

Özüniň gaýtalanmajak gözelligi ägirt uly möçberli tebigy baýlyklary, täsinlikleri bilen tapawutlanýan gojaman Köýtendag güneşli Diýarymyzyň diňe bir gözel künjekleriniň biri bolmak bilen çäklenmän eýsem özboluşly balyklaryň faunasy bilen hem dünýä bellidir. Şu mynasybetli tebigatymyzyň baýlyklaryny goramak we baýlaşdyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny ýygy-ýygydan geçirýäris. Ýakynda Türkmenabat şäherindäki bilim terbiýeçilik edaralarynda geçiren çärelerimiziň birini Köýtendagyň ihtofaunasynyň ajaýyp wekilleriniň biri köýteniň kör ýalaňaç balyklarynyň täsirligini tebigy aýratynlyklaryny ýaş nesle ýetirmeklige bagyşladyk. Onda degişli hünärmenler bu balyklaryň ilkinji gezek 1979-njy ýylda Köýtendagyň garlyk obasynyň gündogarynda  gowakdaky köl suwundan tapylyp 1982-nji ýylda täze görnüş hökmünde bellige alnandygy barada gürrüň berdiler.Bellenilişi ýaly ömrüniň köp bölegini gowakdaky kölüň iň çuň we garaňky ýerinde geçirýändikleri sebäpli bu balyklara göreç asla gerek däl. Şonuň üçin hem ony <kör balyk> ýa-da <gözsüz balyk> diýip atlandyrýarlar. Köýteniň kör ýalaňaç balyklary Merkezi Aziýada gowak suwlarynda ýaşaýan ýeke-täk görnüşidir. Köýteniň kör ýalaňaç balyklarynyň ylym üçin ähmiýetiniň uludygyny nazarda tutup, ilkinji gezek 1985-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Köýtendagyň gowak düýbündäki suwdan tapylandygy we başga hiç ýerde duş gelmeýändigi sebäpli olar 1999-njy ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2-nji neşirine 3-nji kotegoriýa ýagny seýrek duş gelýän statusy bilen täzeden girizildi.

Duşuşyklaryň barsynda ýaşlar bilen sowal-jogap alşylyp, olaryň tebigaty goramak ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly düşünjeleri baýlaşdyryldy.

                                                                                                                        

               Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden                           goramak agentliginiň döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň                                   Lebap  welaýaty boýunça bölüminiň döwlet inspektory - ihtiology Ylham Sanakulowiç Joraýew.

          

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar