Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Öňümizdäki ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary hem-de gurallary taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlyk çig maly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça, şeýle hem welaýatyň ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary, şeýle hem ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, hususan-da, bu ekinleriň tohum üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.