Treska,mintaý,kambala, hek we sudak ýagly däl balyklaryň görnüşi bolup, olar saglyk, esasan-da, sagdyn iýmitlenmek üçin örän peýdalydyrlar. Olaryň düzüminde ýagyň mukdary az bolup, olar beloklara, witaminlere, minerallara örän baýdyrlar.
Treska- beýleki balyklara garanyňda onuň eti ýumşak, düzüminde ýagyň mukdary az (0,4 göterime golaý). Ol beloga baý balyklaryň biridir.
Mintaý- selene we fosfora baý bolan balyklaryň hatarynda bolmak bilen, onuň düzüminde 1,6 göterim ýag bar.
Kambala-A,B,C,E witaminlerine, demire, margenese we beýleki mikroelementlere örän baý.
Hek- beloga we peýdaly maddalara baý bolan bu baýlygy iýmek örän gowy. Sebäbi ol aňsatlyk bilen siňýär.
Sudak- ak we ýumşak eti bolan bu balygyň düzüminde ýokumly maddalar örän köp.
Düzüminde ýagy az bolan balyklar horlanmak hem-de bedeniň agramyny kadaly saklamak isleýänler üçin has-da möhümdir. Olaryň düzüminde belogyň köplügi ynsan saglygynyň berkemegine, witaminleriň we beloklaryň bolmagy beden agzalarynyň oňat işlemegine ýardam edýär.Şeýle-de, bu görnüşdäki balyklar sagdyn iýmitlenmek üçin örän gowy bolýar. Olar çagalar, gartaşan adamlar,göwreli zenanlar üçin hem örän peýdalydyr.
Taýýarlan
Şanazar Meredow.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti
töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň
Döwlet balyk goraýyş we suwuň
bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň
Mary welaýaty boýunça bölüminiň başlygy.