Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýärler. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunda parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn ähmiýet berilýär.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ony ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işine uly orun degişlidir. Ulag ulgamy-da möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ol iki dostlukly ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar.

...Biraz wagtdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň sapary iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açar.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar