Awaza, 8-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.
Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Balkan welaýatyna tarap ugrady.
Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli dynç alyş we şypahana toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan bu syýahatçylyk zolagynda dynç alşa we şypahana ulgamyna degişli döwrebap düzümleriň toplumy halkymyza ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň ajaýyp kenarynda ýerleşýän “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi. Olarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar öz beýanyny tapmalydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç edip bilmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şunda myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen tanyşmaklary, özara söhbet etmekleri babatda hem degişli mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Bu künjegiň dünýä derejeli halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülmegi Awazanyň derejesini has-da belende göterýär. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň, şeýle-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejesindäki abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlaryň ulaglar bilen üpjünçiligine möhüm üns berilmelidigini aýdyp, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynda halkara çärä degişli ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ugurlara gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň içine girdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary we maslahata taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleri barada maglumat berdi.
Milli Liderimiz toplumyň ähli çäginde, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, onuň dolandyryş binasynyň enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Dolandyryş merkezinde maslahatyň guramaçylyk ýagdaýynyň ähli ugurlary gözegçilikde saklanylmalydyr. Munuň özi halkara çäreleriň talabalaýyk guralmagynyň wajyp şertini üpjün eder. Forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň ähmiýetini belledi.