Watanymyz öz gahrymanlaryny sarpalaýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara giň gerim berilýär. Aşgabat şäher häkimliginiň <Mekan> köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk  urşunda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Aýratyn-da,  uruş ýyllaryna bagyşlanan aýdymlar belent ruhda ýaňlanyp, ruhubelentligi, watansöýüjiligi özünde jemleýän çykyşlar çäräniň  many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Şunda Gahryman Arkadygymyzyň we watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezen Mälikguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen aýdymlar halkymyzyň agzybirliginiň, merdanalygynyň we zähmetsöýerliginiň senasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekip, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitiren, öz manyly ömrüni halkyna,  mähriban topragyna bagyş eden, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň, belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezen Mälikguly Berdimuhamedowyň ýazan "Biz ýeňeris!" atly çuňňur  watançylyga ýugrulan  goşgusynyň häzirki wagtda watansöýüjiligiň aýdymy bolup ýaňlanýandygy nygtaldy.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar