Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek-döwlet syýasatynyň baş maksady

Hemişelik Bitaraplygymyzyň  30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen köpugurly işler amala aşyrylýar.

28-nji aprelda hormatly Prezidentimiz  Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dokma senagaty kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň  zerur  talap bolup durýandygyny belledi.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar