Türkmenistan haýyr-sahawat gaznasyndan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna çaga iýmitini, azyk önümlerini, bugdaýy, karbamidi, dizel ýangyjyny, benzini we sementi ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana bermek tabşyryldy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleri dowam etmek üçin, türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen kabul edildi.

Ýörite otluda ugradylan, çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, şeýle hem senagat önümlerinden we ýangyç serişdelerinden ybarat ynsanperwerlik ýüküni gowşurmak dabarasyna Türkmenistanyň wekilçilikli topary, owgan tarapyndan ýokary wezipeli adamlar gatnaşdylar. Ony kabul etmäge gatnaşan goňşy halkyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa yzygiderli kömek-goldawlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar