Balykçylygy ösdürmäge saldamly goşant

Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne tutumly we belent maksatlary nazarlaýan durmuş-ykdysady ösüşiň täze Maksatnamasy bilen gadam basdy. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, hususy telekeçiligi ösdürmäge hem aýratyn uly üns berilýär. Daşoguz şäheriniň golaýynda ýerleşýän «AK-DURNA» hususy kärhanasy her ýylda emeli usulda 7 – 8 million aralygynda balyk işbillerini köpeldip we olara ideg edip, 25 – 50 gram aralygynda welaýatyň çäginde ýerleşýän tebigy köllere goýberýär.

Hususy kärhananyň balykçylary Sarygamyş kölünde balyk tutýarlar. Sarygamyş kölünde balyklaryň kepir, lakga, çapak, taran, ak marka, gara balyk, pyçak, daban, tüňňi maňlaý ýaly görnüşleri tutulýar.

Balyk tutmak üçin kärhanada 31 sany «kazanka 5m4» kysymly kiçi göwrümli gämiler bolup, olaryň 27-si asma motorly gaýyklardyr. Balyk tutmak üçin hususy kärhananyň balykçylary torlary ulanýarlar. Tutulan balyklary daşamak üçin kärhanada ýörite awtoulaglar hem bar. Bu balyklar ýöriteleşdirilen dükanlarda satylýar.

Berkarar döwletimiziň beýik tutumlaryna guwanyp, günsaýyn gözelleşýän, röwşen geljegiň nurana ýolundan öňe barýan eziz Diýarymyzy beýgeltmegiň hatyrasyna asylly zähmet çekmek uly bagtdyr. «AK-DURNA» hususy kärhanasynyň ähli işgärleriniň milli jemgyýetiň halkara kada-kanunlaryna, ýol-ýörelgelerine ygrarly bolup, asylly işleri amal edýändikleri guwandyryjydyr.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar