Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyklaryň köpelýän möwsüminde olary gorap saklamak we tebigy ýagdaýda köpelmeklerini gazanmak maksady bilen, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 42-nji maddasynyň 11-nji bendine, 431-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine we Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda,
1.Amyderýa – Garagum – Murgap - Tejen derýalarynyň ulgamynda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynyň
ugrynda ýerleşýän balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda 2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýyna çenli, Daşoguz welaýatynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda (Sarygamyş kölünden başgalary) hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki Düýeboýun suw howdanynda 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinden 31-nji maýyna çenli balyk tutulýan möwsümine
çäklendirme girizmeli.
Kadadan çykma hökmünde Howuzhan we Köpetdag suw howdanlarynyň suw goýberiji desgalarynyň aşagynda ýüzüş torlary bilen ösümlik iýýän balyklary, şeýle hem gözeneginiň ölçegi 100 mm-den pes bolmadyk oturtma torlar, wenterler we lakga balygyny tutýan gural bilen
lakga balygyny tutmaga rugsat berilýär.
2.Zeý suwlarynyň akmaýan suw howdanlarynyň ahyryndaky suw toplaýjylarda balyk tutmagyň çäklendirlen döwründe Döwlet
balyk goraýyş we suwuň bioserişderine
gözegçilik müdirliginiň welaýatlar
boýunça bölümleriniň ylalaşmagy bilen balyk tutmaga rugsat bermeli.
3.Balyk tutulýan möwsümine çäklendirme girizilen döwründe Döwlet
balyk goraýyş we suwuň
bioserişderine gözegçilik müdirliginiň welaýatlar boýunça bölümleriniň ýörite
kesgitlän balyk
hojalyk ähmiýetli suw
desgalarynda höwesjeň we sport maksatly balyk tutýan fiziki şahslara 3(üç) gaňyrçakdan köp
bolmadyk çeňňekler, zyňma çeňňekler we spinningler bilen balyk tutmaga
rugsat bermeli.