Arkadag şäherinde halkara derejesindäki lukmançylyk klasteri dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar Germaniýa tarapyndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini aňladýar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan birnäçe bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyp, işlenip taýýarlanylan taslamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň german tarapyndan hödürlenjek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň we geçelgeleriniň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Alym Arkadagymyz ýurdumyzda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriniň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyna ünsi çekdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş serişdeleri üçin ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilerine doly laýyk gelýän çig mal binýady döredildi.

Soňra GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Arkadag şäherinde dörediljek lukmançylyk klasteri halkara derejesine eýe bolup, onda dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, eksporta niýetlenendigini bellemek ýakymly. Şunda Türkmenistanda bar bolan çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümiň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen bir hatarda, ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelär.

Şeýle hem Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işleriniň ýokary hil derejesinde alnyp baryljakdygyny belläp, myhman Türkmenistanda dürli görnüşli lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin ýokary hilli çig mal binýadynyň bolmagynyň öndürilýän önümleriň ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmeginiň baş şertini emele getirýändigini aýtdy. Bu bolsa ýurduň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Mundan başga-da, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklary üçin degişli kanunçylyk binýadynyň döredilmegi, ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi germaniýaly işewürleriň geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.

GFR-iň iri kompaniýasynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýdyp, gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär. Munuň özi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň kanunçylyk taýdan berkidilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar