Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy hem-de bu ýerdäki binalar, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary we toplumyň iş otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, saparynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidentiniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy Halk Maslahatynyň Başlygyna toplumyň çäginde ýerine ýetirilmeli işleriň görnüşleri, aýratyn-da, binalaryň içki bezegi boýunça taýýarlanylan taslamalary, toplumyň binalarynyň enjamlarynyň görnüşlerini görkezdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi, şeýle-de toplumyň durkuny täzelemek işleri bilen bagly birnäçe öwüt-ündewlerini berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna bu ýerde toplumyň binalarynyň daşky görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, onuň çäklerindäki gök zolaklaryň, ulag ýollarynyň we ýanýodalaryň durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan taslamalar hem-de binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly çyzgylar-da görkezildi. Olaryň hatarynda 60-a golaý bedewe niýetlenilen birnäçe athananyň, toplumyň ot-iým bilen üpjünçiliginde ähmiýetli bolan täze ammarlaryň, ýapyk manežiň taslamasy bar.