Balyk aşa doýgun belokleryň çeşmesidir. Şeýle ýagdaýda, belokda beden üçin wajyp bolan aminokislota düzümleri örän köp mukdarda bolýar. Olar bolsa öz gezeginde myşsalaryň gurluşynda, süňkleriň, dokumalaryň sagdynlygyny saklamakda möhümdir. Şeýle-de, balyk etiniň düzümi ýarymdoýgun ýag kislotalaryna hem baýdyr.
Belli bolşy ýaly, balygyň peýdalylygyna onuň düzümindäki omega-3, omega-6 ýagly kislotasy bilen baha berilýär. Elbetde, balyklaryň dürli görnüşlerinde omega – 3 kislotasynyň mukdary deň gelmeýär. Onuň ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy hem-de beýniniň işine oňaýly täsir edýändigi bellidir. Muňa garamazdan, häzirki wagtda berhiz saklaýanlaryň arasynda ähli ýaglardan, şol sanda omega – 3 ýagly kislotasyndan hem saklanmalydygy barada ýalňyş pikir bar. Alymlaryň geçiren soňky barlaglary bu ýagyň berhiz saklananda hem kabul edilmeginiň zyýanynyň ýokdugyny görkezdi.
Hünärmenler agyr fiziki işler bilen meşgullanýan adamlara hem-de türgenlere ýaglylygy ýokary bolan balyklary iýmegi maslahat berýärler. Sebäbi, şeýle balyklardaky omega – 3 myşsalardaky gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, bedeniň çydamlylygyny artdyrýar, hereketjeňligi ýokarlandyrýar hem-de sowuklamanyň öňüni alýar. Ýagly balyklaryň düzümindäki ýarymdoýgun ýag kislotalary ýaş we hamyla enelere maslahat berilýär, sebäbi ol göwredäki çaganyň umumy ösüşinde örän peýdaly hasaplanýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, balyk eti gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň etlerinden has-da peýdalydyr. Ösüp gelýän çagalaryň iýmitinde balyk we deňiz önümleriniň bolmagy hökmandyr. Olaryň yzygiderli kabul edilmegi görüş ulgamynyň has-da gowulanmagyna, ýatkeşligiň we ünslüligiň ösmegine peýdalydyr.