Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan balyk kärhanalarynyň hususylaşdyrylandygy hem-de häzirki wagtda şolarda abatlaýyş, durkuny täzelemek we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.
Mundan başga-da, Hazar deňzinde balyk tutýan uly göwrümli gämileriň 3-si abatlanyldy. Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynda sowadyjy hem-de doňduryjy ammarlar abatlanyldy hem-de täzeleri gurlup, jemi 133 tonna balyk saklamaga mümkinçilik döredildi. Balyklary senagat usulynda ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda emeli suw howuzlaryny gurmak, balyk köpeldýän inkubatorlary döretmek boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Ähli sebitlerde balygy gaýtadan işlemek boýunça hereket edýän önümçilikler döwrebaplaşdyryldy we bu pudaga täze kuwwatlyklary girizmek boýunça işler geçirildi. «Altyn asyr» Türkmen kölünde hepdede ortaça 1,5 — 2 tonna balyk tutulmagy ýola goýuldy. Balyk kärhanalarynda 450 iş orny döredildi.
Şu işleriň netijesinde, 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 744,6 tonna balyk önümleri öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden köpdür.
Welaýatlarda we paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen balyk dükanlary hem-de söwda nokatlary açyldy. Şolarda täze we doňdurylan balyklaryň, duzlanan, kakadylan hem-de gaplanan balyk önümleriniň dürli görnüşleriniň satuwy guraldy. Şol önümlere isleg barha artýar.
Gaplanan balyk önümleriniň eksporty ýola goýuldy: 2019-njy ýylyň 3 aýynda 48 tonna önüm daşary ýurtlara ugradyldy. Eksportyň ugurlaryny giňeltmek we möçberini artdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen, hususan-da, balykçylyk pudagynda innowasion tehnologiýalar esasynda önümçilikleri döretmek babatda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça bellenen wezipeleriň çözülişi barada hem hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 30 tonna forel balygyny ösdürip ýetişdirýän hojalygy, Kaka etrabynda geotekstil we geomembrana düşelen howuzlary, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýylda 100 tonna balyk ösdürip ýetişdirýän kärhanany gurmak işleri dowam edýär. Türkmenabat şäherinde balygy gaýtadan işleýän kärhana gurulýar, Mary welaýatynyň Oguzhan ýaýlasynda taýýar önüme çenli doly önümçilik ulgamyny ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Umuman, ýurdumyz boýunça täze balyk kärhanalarynyň 10-synyň gurluşygy alnyp barylýar.