Maldiwleriň “alagaraňky” zolagynda älemgoşar öwüşginli balyk tapdylar

Maldiwleriň deňiz barlaglary institutynyň alymlary öň ylymda belli bolmadyk balygy tapandygyny habar berdiler. Ol Maldiw adalygynyň “alagaraňky” zolagynda duşýar. Balyk daşky görnüşi bilen tapawutlanýar, ol aňyrsy görnüp duran gülgün guýrukly we dürli reňkde öwsüp duran bedenli balyk bolup, oňa Maldiwleriň milli güli bolan gülgün bägüli aňladýan Cirrhilabrus finifenmaa diýen at berdiler.

Balyk 40-70 metr çuňlukda ýaşaýar, gün şöhlesi bu ýeri ýaramaz ýagtylandyrýar, şonuň üçin zolakda ýarymgaraňkylyk höküm sürýär. Fotosintez hadysasynyň bolup geçmeýändigi üçin bu ýerde ösümlik hem ýok.

Täze balyk görnüşini Maldiw adalaryndan günortada müň kilometrlikdäki Çagos adasyndan tapdylar.

Bu barada MIR24 ýazýar.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar