Balyk ýagy uzak ýaşamaga kömek edýär

Alymlar adam ganyndaky omega-3 kislotalarynyň derejesiniň ölüm howpy bilen baglanyşygyny öwrendiler. Netijede, balyklardan we deňiz önümlerinden alynýan bu ýag kislotalarynyň ýokary derejesiniň ölüm howpuny 15-18% peseldýändigi anyklanyldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, balyk ýagy omega-3 ýarym doýgun ýag kislotalaryny hem öz içine alýar. Alymlar 42,466 adamyň maglumatlary esasynda bu ýag kislotalarynyň bedendäki derejesini öwrendiler. Bu adamlaryň hiç birinde hem çynlakaý hroniki keseller ýokdy we olaryň hiç biri-de goşmaça omega-3 toplumlaryny kabul etmediler.
Barlagyň dowam eden 16 ýylynyň içinde gatnaşyjylaryň 37%-i aradan çykdy. Alymlar gandaky omega-3 kislotalarynyň derejesi ýokary bolanda, ölüm howpunyň 15-18% peselýändigini gördüler.
Şeýle-de bolsa, aşa köp balyk iýmegiň hökman däldigi bellenilýär. Oňa derek düzüminde omega-3 kislotalary bolan dermanlary kabul etmek ýeterlikdir.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar