Balyklar hakynda

1959-njy ýylda Awstraliýanyň günortasynda çeňňek bilen äpet akula tutulypdyr. Onuň agramy 1208 kilograma barabar.

***

Gök kitiň çagasy haýwanat dünýäsinde iň çalt ulalýan jandarlaryň biridir. Onuň agramy 22 aý 3 hepde geçenden soňra, 26 tonna barabar bolýar.

***

Ýylan balygynda 550 woltluk elektrik togy bardyr.

***

Günorta Amerikanyň suwlarynda ýaprak balygy ýaşaýar. Ol balyk mele reňkde bolýar. Bu balyk özüne howp abananda, ýaprak ýaly bolup suwuň ýüzüne çykýar. Onuň burnunda ýapragyň baldagyna meňzeş çykyndy bar.

***

Balyklaryň gabaklary ýokdur. Olaryň gözleri elmydama açyk bolansoň, uklamaýandyrlar diýip pikir edýäris. Ýöne olar hem beýleki janly-jandarlar ýaly beden hereketlerini gowşadyp uklaýarlar. Emma balyklaryň ukulary agyr däldir. Sähelçe suw tolkuny olary ukudan oýaryp bilýär.

***

Gurbaga balygynyň çeňňege meňzeş murtlary bardyr. Olar suwuň içinde towlanyp durýarlar we edil çeňňegiňki ýaly gaňyrçak bolup durandyr. Gurbaga balygy aw awlajak wagty çägäniň ýa-da bir oýugyň içinde gizlenýär. Onuň gaňyrçaklaryna kiçi balyklar ilýär. Gurbaga balygy-da olary derrew ýuwudýar.

***

Bedeninde kümüş reňkinde menekleri bolan pirana balygy,  balyklaryň iň howuplysy hasaplanýar. Bu balyk Günorta Amerikanyň  Amazonka derýasynda ýaşaýar. Pirana balygynyň gylyç ýaly ýiti kesgir dişleri bar. Pirana sürüsi bir jandara duşsa, az wagtyň içinde ony parçalap, süňklerine çenli gemirip iýip bilýär.

Habarlaşmak

Bizin salgymyz:

  • Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 54 “A” jaý
  • Iş Günlerimiz

  • Duşenbe: 9:00 - 18:00
  • Sişenbe: 9:00 - 18:00
  • Çarşenbe: 9:00 - 18:00
  • Penşenbe: 9:00 - 18:00
  • Anna: 9:00 - 18:00
  • Şenbe: 9:00 - 13:00
  • Dynç güni: Dynç güni
  • Peýdaly web saýtlar